1
Birine habar gatylanda ulanylýan ýüz tutma söz-ümlük.
∙ Eý, akmak geçi, indi tä ölýänçäň, gurrugyň içinde galyber! («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)
∙ Eý, tilki dost, sen bir gün hem işlemediň! («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)
∙ Eý, oglanlar, Çarwa aga gelýär! -- diýen ses çykdy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)
∙ Eý, gurrandazlar men il içinde aýdyşyp ýeňene, göreşip ýykana barjak! -- diýip, özüm wada etdim. («Görogly» eposy)
∙ Eý, Jepbar, şu günki habary eşitdiňizmi?! (G. Gurbansähedow, Ýürek Daş Däl)
2
Derini, hamy işläp bejermek, üçin ulanylýan gatyk, ajadylan unly garybdy.
∙ Mergen aga derä eý berip- çaý içmäge oturdy.
eý almakEýiň derä, hama oňat siňmekligi, ornaşmaklygy, ýeterlik eýlenmek, eýi ýetmek.
∙ Ol deriler oňat eý alypdyr.
eýden çykarmakDeri, ham ýeterlik wagtda eýde ýatandan soň ony eýden arassalamak, sermek.
∙ Derileri eýden çykardylar.
eýini görmekBerk çäre görmek, temmi bermek, urmak.
eýini ýetirmek
1) Öz mukdaryna, ýeterlik eýbermek, eýini az etmezlik.
∙ Durdy, derileriň eýini ýetirgin!
2) seret eýini görmek
∙ Ony gözläp tapyp, mazalyja eýini ýetirmeli ekeniňiz ahyryn! Emma men dyzap, olaryň arasyndan sypdym-da, arkamy bir jaýa diräp, ýumruklarymy öňe uzatdym we öňürti sokulyp gelse, onuň eýini ýetirjekdigim aýtdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
3
eý görmekGowy görmek, eziz görmek, halamak, ýürekden ýagşy görmek.
∙ Şonda-da ony men gaty eý görýän! («Edebiýat we Sungat» gazeti)
∙ Öz goýnuny ählisinden eý görýär. («Tokmak» žurnaly)
∙ Ol şert etse-etmese-de, diýenini edýän başlygy eý görýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Men tüpeňimi, gapanlarymy diýseň eý görýärdim. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)
∙ Anna Petrowna meni öz ogly ýaly ýaly eý görýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Gandym awçy hem agtygy Myrady ölen ogunyň dereginde eý görýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужна курсовая?

Полезное



Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»